Türkmenistanyň biržasynda 22 mln 372 müň dollarlyk 47 geleşik baglaşyldy

  • 14.12.2022 12:30
  • 6.1k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 22 million 372 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 47-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini hem-de gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Irlandiýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň telekeçilerine portland sement, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplügi ýerlenildi.
Türkiýäniň we Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri manat serişdelerine umumy bahasy 2 million manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 49 million manada golaý bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit bitumyny, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......