Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň ulag ulgamynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

  • 14.12.2022 12:22
  • 10k+

13-nji dekabrda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň degişli ulgamlarynyň ýolbaşçylary dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň wajyp meselelerini we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň gün tertibine ýolagçylary we ýükleri deňiz, awtomobil hem-de demir ýollar arkaly gatnatmagyň häzirki zaman düzümlerini döretmek boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň gerimli meseleleri girizildi.
Üç ýurduň degişli guramalarynyň demirýol arkaly gatnawlaryny ösdürmek boýunça degişli çäreleri kabul etmäge hem-de bäsleşige ukyply nyrhlary döretmek boýunça ylalaşygyň taslamasyny we demirýol ulagy arkaly gatnawlar amala aşyrylanda şertleri işläp taýýarlamaga degişli meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
Awtomobil ulaglary arkaly gatnawlar üçin amatly şertleriň döredilmegi we sazlaşdyrylmagy duşuşygyň esasy meseleleriniň hatarynda boldy. Şunuň bilen baglylykda, wizalary bermegiň gurallaryny işläp taýýarlamagyň mümkinçiliklerine garaldy.
Şeýle hem demirýol, awtomobil we deňiz ulaglary arkaly konteýner daşamalaryny ösdürmek maksady bilen, konteýnerli daşamalaryň ýeke-täk guralyny işläp taýýarlamakda hem-de oňaýly nyrh şertlerini döretmekde üç ýurduň degişli düzümleriniň gatnaşyk etmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 11:32
2.2k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

16.05.2026 09:58
8.3k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....