Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly iş maslahatyny geçirdi

  • 06.12.2022 02:26
  • 15k+

5-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň oba senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri ýerlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, pagta hasylyny  soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça görülýän çäreler, şeýle hem halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralara  taýýarlyk görlüşi  barada hasabat berdiler.
Şeýle hem hasabatyň dowamynda welaýatlarda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilişiniň, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üpjünçiligiň gözegçilikde saklanylyşy barada aýdyldy.
Wise-premýer A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin  oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 
Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda we ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi.  
Döwlet Baştutany pagtanyň ýetişdirilen hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan hasylyň  talabalaýyk saklanylmagyny we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilmegini üpjün etmek, pagtaçy kärendeçiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary taýýarlamak boýunça degişli çäreleri görmegiň  zerurdygyny nygtady we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.


düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......