Noýabryň ahyrynda Aşgabatda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler

  • 19.11.2022 08:44
  • 4.4k+

29-30-njy noýabrda Aşgabat şäherinde Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisini hem-de onuň çäklerinde işewürlik maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Oňa taýýarlyk görlüşi barada wise-premýer B.Atdaýew anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, bu çärelere, esasan, agajy, plastik we demir önümlerini gaýtadan işleýän senagat pudaklary, oba we suw hojalygy, azyk senagaty, saglygy goraýyş we beýleki pudaklar üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürýän maşyngurluşyk kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle-de olara sanly ulgam, elektron programma üpjünçiligi, daşky gurşawy goramak, medeniýet, ylym-bilim ugurlarynda iş alyp barýan kompaniýalar gatnaşar. Forumyň meýdançalarynda türkmen işewürleriniň hem-de Awstriýanyň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär.
Hasabatyň dowamynda wise-premýer käbir pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndaky üýtgeşmeler göz öňünde tutulyp, Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň türkmen böleginiň düzümi babatda degişli işleriň geçirilýändigini habar berdi.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......