Gurbanguly Berdimuhamedow Mustafa Şentopa Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagyny gowşurdy

  • 18.11.2022 17:19
  • 20k+

Şu gün, 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda Türkiýäniň Parlamentiniň Başlygy Mustafa Şentopa «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni gowşurdy.

Ondan öň, Gurbanguly Berdimuhamedow Mustafa Şentop bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda parlamentara gatnaşyklary türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýandygy bellenildi. Şunda kanunçykaryjylyk edaralarynyň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, duşuşyklaryň we geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmegine zerur üns berilýär. Munuň özi hyzmatdaşlygyň häzirki zaman hukuk binýadyny döretmäge mümkinçilik berýär.
Bellenilişi ýaly, bu sylag Mustafa Şentopa türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigini hem-de hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşmagyna goşant goşýandygyny göz öňünde tutup gowşuryldy.
Duşuşyk tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy geçirildi.


düýn 20:55
2.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......