Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisinde çykyş etdi

  • 18.11.2022 17:03
  • 15k+

Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop türkmen parlamentarileriniň öňünde çykyş etdi.

18-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi diýip, Anadolu agentligi habar berýär.
Türkmen Parlamentiniň komitetleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa bilen geçirilen duşuşygyň barşynda kanunçykaryjylyk tejribesini alyşmak, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň bähbidine parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar dostlukly ýurduň parlament wekiliýetiniň Aşgabada saparynyň iki doganlyk döwletiň doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmekde parlamentara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýändigi baradaky pikiri beýan etdiler.
Geçirilen duşuşykdan soňra Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop iki doganlyk ýurduň parlamentarileriniň öňünde çykyş etdi.


düýn 19:38
4.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......