Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

  • 18.11.2022 16:55
  • 11k+

18-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopy kabul etdi. Şentop öňküsi gün öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen gelipdi.

TDH agentliginiň habar bermegine görä, Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Parlamentiniň Başlygyna we doganlyk ýurduň ähli halkyna ýakynda Stambul şäherinde bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi sebäpli çuňňur gynanjyny beýan etdi we şu agyr pursatda ejir çekenlere medet beriji sözleri aýtdy. 
Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şu ýyl 30 ýylyň dolýandygy bellenildi. Şu döwürde Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara gatnaşyklar köpugurly häsiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.


düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......