Gazagystan Türkmenistan bilen Hazar deňzindäki serhet boýunça Şertnamany tassyklady

  • 03.11.2022 13:39
  • 15k+

2-nji noýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew «Türkmen-gazagystan döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we Hazar deňzindäki balyk tutulýan zolaklaryň ýanaşyk böleklerinde çäk çekmek hakynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda» Kanuna gol çekdi. Bu möhüm döwletara ylalaşygyna gazak Lideriniň geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde gol çekilipdi.

Gazagystanyň Prezidentiniň akorda.kz resmi internet saýtyndaky habarda agzalan Şertnamanyň tassyklanylmagynyň ýerasty baýlyklary we suw-biologik serişdeleri peýdalanmak üçin özbaşdak hukuklary durmuşa geçirmäge, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge mümkinçilik berjekdigi nygtalýar.
Ýeri gelende bellesek, Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 17-nji aprelinde «Türkmen-gazagystan döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we Hazar deňzindäki balyk tutulýan zolaklaryň ýanaşyk böleklerinde çäk çekmek hakynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekipdi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......