Türkmenistanda welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyna gaýtadan seredilýär

  • 23.10.2022 09:22
  • 31k+

22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Mejlis Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda geçirildi.

Onuň dowamynda welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri durmuşa geçirmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmagyň anyk ugurlary kesgitlenildi.
Şeýle hem mejlisde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasarlarynyň, şeýle hem welaýat häkimlikleriniň jogapkär hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekilleriniň, welaýatlaryň häkimleriniň hem-de käbir ministrlikleriň çykyşlary we teklipleri diňlenildi.

 


03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

27.04.2026 23:33
11k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlary ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

27-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar......