Raşid Meredow Gazagystanda sammite gatnaşýar

  • 13.10.2022 15:51
  • 15k+

Penşenbe güni, 13-nji oktýabrda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Aziýada özara gatnaşyk we ynanyşmagyň ölçegleri boýunça Mejlisiň (AÖGYÖM) VI sammiti açyldy.

Sammitiň barşynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny we AÖGYÖM-niň işiniň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Forum Gazagystanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilýär. Foruma Gazagystanyň Lideri bilen bir hatarda 11 döwletiň Baştutanlary gatnaşýar: Azerbaýjan, Yrak, Eýran, Katar, Gyrgyzystan, Palestina, Russiýa, Täjigistan, Türkiýe we Özbekistan.
Mundan başga-da, sammite Wýetnamyň wise-prezidenti, HHR-nyň Başlygynyň orunbasary we bäş sany ministr gatnaşýar. Belarus döwleti sammite synçy döwlet hökmünde gatnaşýar.
Umumylykda, sammite 50-ä golaý wekiliýet gatnaşýar. Türkmenistana wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow wekilçilik edýär.
Kuweýt AÖGYÖM 28-nji agza döwlet hökmünde goşuldy. Bu barada sammitiň barşynda Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew habar berdi.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......