Saglygy goraýyş işleriniň birnäçesi döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy

  • 11.10.2022 13:08
  • 7.6k+

Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, adamlaryň saglygyny dikeldip, ýurduň baýlygyny artdyrmakda, keselleriň öňüni alyş, anyklaýyş işlerini, olary bejermegiň netijeli usullaryny saglygy goraýyş tejribesine ornaşdyrmakda, döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly zähmet üstünlikleri, ilatyň saglygyny goramaga önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly zähmetini, şeýle hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow käbir raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda degişli Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda,

  • Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň uly mugallymy Amantäç Berdyhanowa Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hojalyk bölüminiň ikinji derejeli hünärmeni Swetlana Anatolýewna Şabalina, 
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara «Ene mähri» merkeziniň maslahat beriş, anyklaýyş we fizioterapiýa bölüminiň çaga lukmany Batyr Tirkişowiç Rahmanow,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Gan merkeziniň baş şepagat uýasy Halbibi Rejepowna Jumaýewa,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Gan merkeziniň şepagat uýasy Oguldursyn Matnepesowa,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň öýken-ýürek reanimasiýa bölüminiň müdiri Musa Jumageldiýewiç Aýtmämmedow,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň endokrinologiýa bölüminiň gaýragoýulmasyz terapiýa kömegi boýunça terapewt lukmany Owlak Annamyradowna Nepesowa,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň şepagat uýasy Baýramsoltan Rejepowna Sädiýewa,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň reanimatolog lukmany Güljemal Annamuhammedowna Gulmyradowa,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýyş-anyklaýyş merkeziniň maslahat beriş-anyklaýyş bölüminiň hirurg lukmany Aleksandr Ýurýewiç Miroşniçenko,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň barlagçysy Ogulgerek Amanmyradowna Weliýewa,
  • Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň hirurg lukmany Göwher Baýramowna Aşyrowa,
  • Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň trawmatologiýa we ortopediýa kafedrasynyň müdiri Niýazmyrat Nazarowiç Batyrow,
  • Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň dosenti Roza Gylyjowna Atajanowa,
  • Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň uly mugallymy Jumadurdy Amanow,
  • Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň fakultet pediatriýasy kafedrasynyň assistenti Ýazgylyç Ýawan,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ahal welaýatynyň ýokanç keseller hassahanasynyň baş lukmany Hanmämmet Goçyýew,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany Berdimämmet Hanmämmedowiç Gurbanow,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň anesteziologiýa we intensiw bejergi bölüminiň müdiri Meýlis Žumabaýewiç Babažanow,
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň anesteziolog-reanimatolog lukmany Mürze Haýdarowiç Hojakulyýew Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.

16.04.2026 16:48
4.8k+

Pekin lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Arkadag şäherine baryp gördi

15-nji aprelde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat......

15.04.2026 23:40
2.9k+

BAE-de semizlige garşy dünýäde gerdejik görnüşli ilkinji derman ulanmaga rugsat berildi

Birleşen Arap Emirliklerinde semizlige garşy dünýäde ilkinji gerdejik görnüşindäki dermanyň ulanylmagy makullandy. Bu barada «Khaleej Times» neşiri habar berýär....

15.04.2026 17:32
2.8k+

Alymlar Alsgeýmer keseliniň irki alamatyny anykladylar. Bu - ys duýmagyň ýitmegi

Ys duýuşyň peselmegi, entek ýatkeşlik bilen bagly mesele döremezden öň hem, Alsgeýmer keseliniň ilkinji alamatlarynyň biri bolup biler. Bu Germaniýanyň Neýrodegeneratiw keselleri öwreniş merkeziniň we......

09.04.2026 20:12
8.3k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....