Serdar Berdimuhamedow geljek ýylky daşary ýurt saparlaryna taýýarlyk görmegi tabşyrdy

  • 11.10.2022 12:52
  • 7.8k+

10-njy oktýabrda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda boljak saparlara hem-de halkara derejedäki çärelere, Halkara Bitaraplyk gününi baýram etmäge taýýarlyk görmegiň ýokary derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady we bu babatda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowa anyk tabşyryklary berdi.

Raşid Meredowyň DIM-niň ýanwar ― sentýabr aýlarynda alyp baran işleri baradaky hasabatynda bellenilişi ýaly, aprel aýynda Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza döwlet saparyny amala aşyrandygy bellenildi. Bu döwürde döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasyna we Eýran Yslam Respublikasyna resmi saparlary, Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Bulardan başga-da, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygyna hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy üçin, degişlilikde, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna iş saparlary guraldy. Şu ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyz Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi.
Hasabat döwründe hormatly Prezident birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. 12-nji maýda Aşgabat şäherinde ilkinji gezek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi möhüm waka boldy. Hasabat döwründe jemi 126 sany wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistandan daşary ýurtlara 199 sany wekiliýet ugradyldy. Göni wideoaragatnaşyk arkaly 1 müň 187 sany dürli derejedäki duşuşyklar geçirildi. Ýylyň dowamynda 97 sany halkara resminama gol çekildi. Daşary syýasy edaralaryň ugry boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler yzygiderli esasda geçirilýär.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......