Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistanyň ýolbaşçylaryna gutlag hatyny ýollady

  • 10.10.2022 12:15
  • 6.5k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Premýer-ministr Nikol Paşinýana hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany gutlag hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Ýeri gelende bellesek, ermeni we türkmen halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň uzyn taryhy bar. Garaşsyzlykdan soňky 30 ýylyň içinde ol hil taýdan täze derejä ― döwletara gatnaşyklar derejesine göterilip, özara hormat goýmak we ynanyşmak esasynda işjeň ösmegini dowam edýär. Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm bölekleriniň biri hasaplanýar. 2009-njy ýyldan bäri Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara ermeni-türkmen toparynyň mejlisleriniň 9-sy geçirilip, olarda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda ermeni-türkmen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......