Serdar Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerini hünär baýramçylyklary bilen gutlady

  • 10.10.2022 12:03
  • 11k+

Şu gün Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow ulgamyň işgärlerine Gutlag iberdi.

“Biz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämiz esasynda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin öňümizde täze, belent maksatlary goýýarys. Ata Watanymyza beýik söýgimiz, synmaz agzybirligimiz we jebisligimiz bilen bu ugurda giň möçberli, has ýokary wezipeleri durmuşa geçirmek arkaly gazanylan üstünlikleri berkidýäris” diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda ilaty ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary bilen üpjün etmek ulgamynyň hem düýpli gowulandyrylýandygyny belledi.

Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda: “Lukmançylyk hem-de ylmy diplomatiýa babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öňe sürmek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýäris. Maksatnamalaýyn özgertmeleri amala aşyrmak arkaly Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň täze ösüşlerini üpjün edýäris. Biz bu ugurda alyp barýan işlerimizi geljekde has-da güýçlendireris. Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr” diýip, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......