R.Meredow ýapon diplomaty bilen bilelikdäki hökümetara toparyň Tokioda geçiriljek mejlisini maslahatlaşdy

  • 06.10.2022 00:20
  • 4.5k+

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi. Onda şu ýylyň ahyrynda Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisini geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Diplomatlar duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Raşid Meredow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparyny ýokary derejede guramakda beren goldawlary üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Ýaponiýanyň Türkmenistanyň maýa goýum we bank ulgamynda möhüm hyzmatdaşy bolup durýandygy, şoňa görä-de, öňdebaryjy ýapon banklary we kompaniýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda maýa goýum işlerini güýçlendirmeginiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň ahyrynda Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisini guramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de diplomatlar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlap, birnäçe medeni ähmiýetli çäreleri geçirmek meselelerine seretdiler.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

24.06.2026 23:05
2.5k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......