Entoni Blinken BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň DIM-niň ýolbaşçylary bilen duşuşar

  • 18.09.2022 23:53
  • 8.6k+

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň dowamynda ýokary derejedäki hepdelik wagtynda C5+1 formatdaky duşuşygy, ýagny ABŞ-yň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň daşary syýasat edaralarynyň baştutanlarynyň duşuşygyny geçirmek meýilleşdirildi. 

Duşuşygy 22-nji sentýabrda, penşenbe güni geçirmek bellenildi, şondan soň topar bilelikdäki beýannamany çap eder. Bu barada ABŞ-nyň Halkara guramalaryň işi boýunça döwlet sekretarynyň kömekçisi Mişel Sison Entoni Blinkeniň BMG-niň BA-nyň ýokary derejedäki hepdeliginde çykyş etjekdigi hakyndaky brifingde aýtdy.
20-nji sentýabrda, sişenbe güni BMG-da guramanyň 77-nji Baş Assambleýasynyň umumy ara alnyp maslahatlaşmalary başlanar. Ýokary derejedäki hepdelik - Birleşen Milletler Guramasynda ýylyň iň garaşylýan wakasy bolup, Nýu-Ýorkda dünýä ýurtlarynyň döwlet we hökümet baştutanlary duşuşýarlar. Soňky iki ýylyň dowamynda pandemiýa sebäpli ştab-kwartiranyň dälizleri boşap galypdy, öňünden ýazgy edilen çykyşlar bolsa uly ekranlarda ýaýlyma goýberilýärdi. 
ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda täze formatdaky dialogy goýbermek hakyndaky karar BMG-niň  2015-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçen  Baş Assambleýasynyň dowamynda kabul edilipdi. C5+1-iň ilkinji duşuşygy 2015-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Samarkantda ABŞ-nyň şol wagtky döwlet sekretary Jon Kerriniň Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapary wagtynda geçipdi.  


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......