R.Meredow Aýlagdaky Arap döwletleriniň we Merkezi Aziýanyň Baş diplomatlarynyň duşuşygyna gatnaşdy

  • 08.09.2022 14:23
  • 10k+

7-nji sentýabrda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow “Aýlagdaky Arap döwletleriniň – Merkezi Aziýanyň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň” daşary işler ministrleriniň strategik dialogynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy. 

TDIM-niň Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, duşuşyga gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň möhüm ugurlaryny, sebit howpsuzlygy meselelerini we söwda, ykdysadyýet, maýa goýum, medeniýet we ylym pudaklarynda geljekde netijeli gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy öz çykyşynda: “Şu gezekki mejlise Türkmenistan tarapyndan Merkezi Aziýa döwletleri bilen Aýlagdaky Arap döwletleriniň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň arasynda giň gerimli özara gatnaşyklary döretmek üçin ilkinji möhüm ädim hökmünde garalýar” diýip nygtady.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Bilelikdäki Beýannamany, şeýle hem Söwda, maýa goýum, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ugurlary boýunça amaly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen 2023-2027-nji ýyllar üçin Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasyny kabul etdiler.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Saud Arabystany Patyşalygyna sapary dowam edýär. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary meýilleşdirilýär.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......