Raşid Meredow Aşgabada gelen Hytaýyň Hökümetiniň Ýörite wekili bilen duşuşdy

  • 07.09.2022 09:24
  • 7.5k+

6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen HHR-iň Hökümetiniň Ýewraziýanyň işleri boýunça Ýörite wekili Li Hueýiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi boýunça meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistan bilen HHR-iň dürli halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň oňyn häsiýeti bellenildi. 
Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň we Hytaýyň garaýyşlarynyň meňzeşdigini hem-de gabat gelýändigini nygtadylar. 


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......