Gurbanguly Berdimuhamedow Marynyň çagalar hassahanasyna sebitde ýeke-täk emeli dem beriş enjamyny gowşurdy

  • 05.09.2022 01:55
  • 22k+

3-nji sentýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde welaýatyň çagalar hassahanasynyň işgärlerine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Drager” kompaniýasynyň “Savina 300” kysymly emeli dem beriş enjamyny gowşurdy. Bu lukmançylyk enjamy häzirki wagtda sebitde ýeke-täkdir.

Bu enjam hassahananyň reanimasiýa bölüminde näsag bäbeklere we çagalara emeli dem bermek üçin ulanylýar. Enjam ýokary hilliligi, ulanyşda amatlylygy bilen tapawutlanýar. Ol ýokary basyşyň kömegi bilen dem alyş ýollaryna howanyň, kislorodyň we derman serişdeleriniň barmagyny üpjün edýär. Şol bir wagtyň özünde bu enjam adamyň ganynyň düzümini kislorod bilen baýlaşdyrýar. Şeýle-de emeli dem beriş enjamy öýkenlerde gaz goýberiş ukybyny üpjün edýär, näsagyň dem alşynyň sazlaşygyny ýola goýýar. Mundan başga-da, enjamyň üsti bilen näsaga geçirilen ähli bejergiler baradaky maglumatlar alty aýyň dowamynda saklanýar. 
Hassahananyň lukmanlary dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijisiniň iň kämil enjamynyň hassahana berlendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.


11.05.2026 23:10
2.5k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
3.8k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.5k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....