Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi bilen duşuşdy

  • 02.09.2022 07:50
  • 6.9k+

1-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawaly kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşurdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Rumyniýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Söhbetdeşler türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Döwlet Baştutany we ilçi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, giň ugurlarda, şol sanda energetika, söwda, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk, himiýa hem-de ýeňil senagat ýaly strategik ulgamlarda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler. Şunda Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rumyn toparyna möhüm orun degişlidir. Bu topar söwda gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň, usullarynyň öwrenilmegine ýardam bermelidir.
Şeýle-de ynsanperwer ulgamda, hususan-da, ylym, medeniýet we bilim ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn giňeldilmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......