Aşgabatda ýüzbe-ýüz görnüşde türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi

  • 27.08.2022 16:15
  • 6.9k+

26-njy awgustda Daşary işler ministrliginde Türkmenistana gelen Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-özbek geňeşmeleri geçirildi.

Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda bu işi ilerletmek üçin duşuşyklaryň guralmagynyň wajypdygyny bellediler.
Geňeşmeleriň netijeleri boýunça degişli resminama gol çekildi. 


şu gün 18:29
972

Gökdepe etrabynda arassalanan agyz suwuny öndürýän täze kärhana açyldy

Ahal welaýatynda Gökdepe etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky geňeşliginiň çäginde arassalanan agyz suwuny öndürýän täze kärhana açyldy. Täze kärhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gül Zaman» hojalyk jemgyýetine degişlidir...

şu gün 12:09
1.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiçi bilen duşuşdy

Tokioda geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşan Prezident Serdar Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiçi bilen duşuşdy. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berdi...

şu gün 11:12
3.5k+

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» altytaraplaýyn duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün, 20-nji dekabrda Tokioda «Hotel New Otani Tokyo» myhmanhanasynda Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi...

şu gün 10:51
5.1k+

Serdar Berdimuhamedowyň ýaponiýaly işewürler bilen duşuşygyndan soň 11 resminama gol çekildi

19-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygy boldy. Duşuşygyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi...