Türkmen lukmanlary transplantologiýa boýunça owgan kärdeşleri bilen pikir alyşdylar

  • 26.08.2022 09:55
  • 16k+

25-nji awgustda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri bilen Owganystanyň Hyrat şäherindäki “Loqman Hakim Complex Hospital” köpugurly hususy hassahanasynyň lukmanlarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Onda saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek we transplantologiýa ugrunda özara tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň başynda owgan tarapynyň wekilleri bu ugurda öz gazanan tejribeleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de saglygy goraýyş ulgamynda turkmen lukmanlary bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýmak isleýändiklerini aýtdylar. Olar lukmanlaryň birek-birege saparlaryny guramak bilen, ýakyndan tejribe alyşmak usulynyň has-da netijeli boljakdygyny nygtap, agzalan ugurlarda özara tejribe alyşmak üçin türkmen lukmanlaryny Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş sapary bilen gelmäge çagyrdylar.
Türkmen tarapy hem, öz gezeginde, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.


09.06.2026 23:14
7.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....