Raşid Meredow Germaniýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi bilen duşuşdy

  • 25.08.2022 13:26
  • 5.6k+

23-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihael Uwe Birhoff bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-german gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.  
Ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, diplomatlar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň ähmiýetini bellediler we ýurtlaryň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. Şeýle hem saglygy goraýyş ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi nygtaldy, lukmançylyk ulgamyndaky bilermenleriň arasynda geňeşmeleriň pugtalandyrylmagynyň zerurdygy bellenildi.
Ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen bagly türkmen tarapynyň gutlaglaryna minnetdarlyk bildirip, GFR-iň Türkmenistandaky ilçisi türkmen-nemes gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ynam bildirdi.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......