Hytaýda ylmy işler üçin dünýädäki iň kuwwatly magnit işe girizildi

  • 16.08.2022 08:07
  • 9.1k+

Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň güýçli magnit meýdany barlaghanasynyň alymlary ylmy gözlegler üçin dünýäde iň kuwwatly magnitiň döredilendigini habar berdiler. Enjam 45,22 tesla güýji bilen durnukly magnit meýdanyny emele getirýär, bu bolsa Ýeriňkiden million esse güýçlüdir. Şeýle güýji bolan magnit biologiýa, himiýa, ýarym geçirijileriň önümçiligi ýaly ugurlarda adaty we düýpli barlaglary geçirmek üçin zerurdyr. Indi Hytaýda şeýle gural bar diýip, 3dnews.ru belleýär.

Öň iň kuwwatly magnit 1999-njy ýylda ABŞ-da güýçli magnit meýdanynyň milli barlaghanasynda döredilipdi. Gibrid gurluş 450 000 gauss (45 tesla) güýji bilen magnit meýdanyny döredip, 23 ýyl rekordy saklady. Hytaýyň alymlary diňe bir rekordy täzelemän, eýsem ylmy tejribelerde iş ýüzünde ulanmak üçin gurluşy döretdiler, ABŞ tarapyndan döredilen magnit munuň üçin niýetlenmän, öz bolşuna konsepsiýanyň subutnamasy bolupdy.
Magnit meýdanyny diametri bary-ýogy 33 mm bolan “obýekt” döredýär. Güýji rekord derejede bolan magnitleriň uglerod nanoturbajyklary bilen işlemekde ulanylmagy ýarym geçirijileriň önümçiliginde rewolýusiýa getirip biljek birnäçe açyşlary etmäge mümkinçilik berdi.
Şeýle-de, kuwwatly magnitler biologiýada hem işläp, adaty keselleri bejermekden başlap, onkologiýa keselleri bilen göreşe we hatda organizmiň garrama meselesini çözmeklige çenli adam saglygy we durmuşy ugrunda birnäçe açyşlara mümkinçilik berýär.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....