Türkmen-rumyn gatnaşyklaryna 30 ýyl: Serdar Berdimuhamedow rumyniýaly kärdeşini gutlady

  • 21.07.2022 09:14
  • 3.9k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Ýohannise we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Ýeri gelende bellesek, Rumyniýa 1991-nji ýylyň 21-nji dekabrynda ilkinjileriň hatarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar edip, soňlugy bilen 1992-nji ýylyň 21-nji iýulynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. 2009-njy ýylyň 22-nji iýulynda Rumyniýanyň we Türkmenistanyň şol wagtky Prezidentleriniň ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekilmegi möhüm wakalaryň biri boldy.
Geçen 30 ýylyň dowamynda döwletlerimiziň ikitaraplaýyn gatnaşyklary syýasy dialogdan başlap, medeniýet ulgamy, adamlaryň arasyndaky özara baglanyşyk, aragatnaşyk, suw serişdelerini dolandyrmak ýaly meseleleriň giň toplumy boýunça üstünlikli ösdürildi we berkidildi. 


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......