Aşgabatda iri möçberli halkara ulag forumy geçirildi

  • 19.07.2022 07:59
  • 10k+

18-nji iýulda Aşgabatda Ýewraziýada üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly iki günlük halkara maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran wekilçilikli forumyna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, bilermenler, maýadarlar, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda «Vitol», “Meno Logistics”, “Boeing”, “Dragon Oil”, “Fly Dubai”, “Airbus”, “Cargo Lux” halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Howa Ulaglarynyň Halkara Assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Merkezi Aziýada «USAID» maksatnamasynyň wekilleri bar. Maslahatyň mejlislerine hem-de pikir alyşmalaryna halkara guramalaryň we maliýe edaralarynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň Ösüş bankynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň wekilleri gatnaşýarlar. Adaty görnüşde hem-de sanly ulgam arkaly guralan maslahatyň iş maksatnamasy “Pandemiýadan soňky döwürde ulag-logistika toplumynyň dikeldilmegi: täze howplar we mümkinçilikler” atly plenar mejlisi hem-de “Ulag-kommunikasiýa toplumynyň sanlylaşdyrylmagy. Geljege nazar”, “Durnukly ulagyň ekologik jähetleri. “Ýaşyl” infrastrukturanyň ösdürilmeginde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň orny”, “Ulag-kommunikasiýa toplumynyň ösdürilmeginde ylmyň we bilimiň orny” atly üç sany iş mejlisini özünde jemleýär.

Halkara ulag diplomatiýasy merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary I.Runow, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary D.Mariýasin, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň ulag, ulag-aragatnaşyk we logistika, ykdysady bölümleriniň ýolbaşçysy F.Kormilisin, Halkara Ulag Assosiasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekili sanly ulgam arkaly gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Şu günki duşuşygyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar ulag hyzmatlarynyň dünýä bazarynyň ýagdaýy, ýük akymlarynyň ugurlary we ösüşi, ulagyň ähli görnüşiniň netijeliligini hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri, Ýewraziýada halkara gatnawlara goşulyşmak we olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak şertlerinde Türkmenistanyň üstaşyr ulag kuwwatynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda awtomobil hem-de howa ulagynyň eýeleýän orny, töwekgelçilikleri gözegçilikde saklamak, logistik çykdajylary hasaba almak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatyň çäklerinde Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) Işçi komitetiniň üçünji mejlisi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran we Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ulag geçelgeleri boýunça birinji iş duşuşygy hem geçirildi.


düýn 19:38
1.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
880

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......