Türkmenistan Özbegistan bilen haryt dolanyşygyny iki esse artdyrmagy meýilleşdirýär

  • 15.07.2022 08:18
  • 13k+

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasynda ýakyn ýyllar üçin söwdanyň möçberini iki esse artdyrmak babatda ähli mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Taraplar himiýa pudagynda strategik hyzmatdaşlyga ýetilendigine ýokary baha berdiler hem-de awtomobil gurluşygynda, elektrotehnika, dokma we derman senagatynda, azyk senagatynda, oba hojalygynda ýakynlaşmagy giňeltmegi meýilleşdirýärler.

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berilýändigi aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýyl ýük daşamagyň möçberiniň 17 göterim artandygy nygtaldy. Bu ýagdaý şu ýylda-da saklanyp galýar.
Çykyşynyň dowamynda Prezident Şawkat Mirziýoýew taraplaryň sebitiň döwletleriniň özboluşly üstaşyr kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak, şol sanda özara ýeňillikleri bermek babatda amatly şertleriň bardygyna gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Özbek Lideri suw-energetika babatdaky gatnaşyklara degip geçip, Suw hojalyk meseleleri boýunça hökümetara toparyň üstünlikli işini belledi.
Goňşy ýurduň Lideri sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek, owgan meselesi boýunça tagallalary utgaşdyrmak barada gazanylan ylalaşygy belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine mähirli kabul edendigi hem-de bildiren myhmansöýerligi, duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bu meniň Özbegistana ilkinji döwlet saparymdyr. Biz muňa ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm, tapgyrlaýyn waka hökmünde garaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu gün biziň esasy maksadymyz türkmen-özbek doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan, ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekden we giňeltmekden ybaratdyr diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Gepleşikleriň ahyrynda döwlet Baştutanlary iki ýurduň Höhümetine gazanylan ylalaşyklaryň bökdençsiz berjaý edilmegini üpjün etmegi we olaryň durmuşa geçirilişi barada her aýda hasabat bermegi tabşyrdylar.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......