Türkmenistan BAE bilen «ýaşyl» energetikada hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

  • 14.07.2022 12:29
  • 10k+

13-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazruiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-emirlikler gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Raşid Meredow we Suheil Al Mazrui energetika, senagat, ýokary tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan amatly mümkinçilikleri belläp geçdiler.
Şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşy we energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlygy ulgamyndaky özara hereketleri giňeltmek maksady bilen, Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada maslahatlaşyldy. Ministrler “ýaşyl” ykdysadyýetiň ähmiýetini bellemek bilen, bu ulgamda bilermenleriň bilimlerini we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de durnukly energiýany ulanmak boýunça pikir alyşdylar.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......