Twitter kazyýetiň üsti bilen Ilon Mask tarapyndan kompaniýanyň satyn alynmagyny gazanar

  • 10.07.2022 18:42
  • 11k+

Twitter kompaniýany satyn almak baradaky şertnamanyň ýerine ýetirilmegini gazanmak üçin Ilon Masky kazyýete bermekçi bolýar. Bu barada onuň müdirler geňeşiniň başlygy Bret Teýlor habar berdi diýip, TASS belleýär.

Anna güni amerikaly telekeçiniň hukukçylary kompaniýany satyn almak baradaky şertnamany ýatyrýandyklaryny habar berdiler. “Twitter jenap Mask bilen ylalaşylan baha we şertlere görä şertnamanyň ýapylmagyna sezewar edildi we birleşmek baradaky şertnamanyň ýerine ýetirilmegi üçin kazyýete ýüz tutmagy meýilleşdirýär” – diýip, ol Twitter-de ýazdy we bu kazyýet işinde ýeňiş gazanjakdyklaryna ynanýandygyny sözüniň üstüne goşdy.
Öň, şertnamanyň şertlerine laýyklykda, şertnama ýatyrylan halatynda telekeçiniň kompaniýa, takmynan, 1 mlrd dollar kompensasiýa tölemelidigi habar berildi.
Aprel aýynda kompaniýanyň ýolbaşçylygy Maskyň sosial ulgamyny 44 mlrd dollara satyn almagy teklip edendigini habar berdi. Maý aýynda telekeçi galp we mahabat habarlaryny köpçülikleýin ýaýratmak üçin ulanylýan hasabat ýazgylarynyň olaryň Twitter-däki umumy sanynyň 5%-den hem az bölegini düzýändigini tassyklaýan maglumaty almaga synanyşýandygyny aýtdy. Şertnamanyň ýatyrylýandygy baradaky habarda “Twitter-de bu mesele boýunça doly maglumatyň berilmändigi we onuň garaşsyz baha bermek üçin ýeterlik däldigi aýdylýar”. Mundan başga-da, telekeçiniň hukukçylary kompaniýanyň Maska Twitter-iň doly maliýe hasabatyny we maliýe modeli boýunça resminamalary bermändigini bellediler.
Mask Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň ýolbaşçysydyr. Bloomberg agentliginiň hasabyna görä, telekeçi dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji orny eýeleýär. Onuň baýlygy $214 mlrd barabar.


11.03.2026 20:11
9.9k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.2k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

04.03.2026 16:52
1.9k+

X-de ulanyjy işjeňliginiň rekordy hasaba alyndy: 2-nji martda ol iň ýokary derejesine ýetdi

X sosial ulgamy (öňki Twitter) ulanyjylaryň gündelik işjeňligi boýunça täze rekord goýdy. 2026-njy ýylyň 2-nji martynda bu hyzmat özüniň bütin taryhyndaky iň ýokary işjeňlik derejesini görkezdi. Mundan öň, 1-nji martda, hyzmatyň ýolbaşçylarynyň biri Nikita Bir (Nikita Bier): «Şu gün — taryhdaky iň uly gün» diýip mälim etdi...

03.03.2026 23:28
6.8k+

2026-njy ýylda dünýäde iň köp girilen 20 saýt

2026-njy ýylda global internet trafikiniň esasy bölegi henizem az sanly iri platformalarda jemlenmeginde galýar. Olar ulanyjylaryň nähili maglumat gözleýşini, wideolary görşüni, aragatnaşyk saklaýşyny we internetde söwda edişini kesgitleýär...