Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary Türkmenistana geldi

  • 05.07.2022 09:06
  • 7.9k+

4-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktorynyň orunbasary Çjan Sýançen bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda Türkmenistanyň we BSG-niň arasynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilendigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň fewralynda BSG-niň Baş geňeşiniň dowamynda türkmen tarapy Marrakeş ylalaşygynyň XII maddasyna laýyklykda, BSG agzalygyna girmek üçin resmi taýdan talapnamasyny berdi. Netijelere görä, BSG-niň Baş geňeşiniň agza ýurtlarynyň biragyzdan Türkmenistanyň talapnamasy goldanyldy we oňa “goşulýan ýurt” derejesiniň berilmegi barada çözgüt kabul edildi. 
Şeýle hem häzirki zaman dünýäsinde ykdysadyýetiň ählumumylaşdyrylmagynyň ähmiýetiniň ösýändigi barada nygtaldy, hususan-da, pandemiýadan soňky ýagdaýlarda Türkmenistanyň öňünde halkara söwda-ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň integrirlenmegi boýunça wezipe goýuldy. Bu maksatlara ýetmek üçin netijeli ýollaryň biri hökmünde BSG bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bellenildi.
R.Meredow guramanyň Baş direktorynyň orunbasaryna BSG girmek üçin ýurtda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada maglumat berdi.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......