Türkmen-owgan serhedinde bugdaý saklamaga niýetlenen önümçilik desgasy gurlar

  • 05.07.2022 09:18
  • 23k+

Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabyndaky “Çemenabat” maldarçylyk hojalygynda 100 müň tonna bugdaý saklamaga niýetlenen elewatory hem-de oňa gerek bolan haltalary öndürýän önümçiligi gurmak maksat edinilýär. Bu işleri paýly gatnaşyk esasynda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada 4-nji iýulda geçirilen iş maslahatynda wise-premýer A.Ýazmyradow hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu işleriň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde, şol sanda Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmegine ýardam bermekde ähmiýetlidigini nygtap, hödürlenen teklibi içgin öwrenmek boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutany öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ilkinji nobatdaky talapdygyny aýdyp, olaryň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmakda alnyp barylýan işlerde möhüm orun eýeleýändigini nygtady.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......