Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (27.06 — 03.07)

  • 27.06.2022 00:09
  • 38k+

Indiki hepde Türkmenistanyň aglaba welaýatlarynda adatdan daşary yssy bolmagyna garaşylýar. Howa maglumaty gullugy käbir sebitlerde howanyň +47 derejä çenli gyzmagy mümkin diýip habar berýär. Emma hepdäniň dynç günlerine golaý yssy biraz düşüşip ugrar.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe  we sişenbe günleri termometriň sütünjigi +45 - +46 derejä ýeter. Çarşenbe güni howa +42 dereje bolar diýip çaklanylýar. Penşenbede aňrybaş temperatura +39 derejä çenli aşaklar, anna güni bolsa ýene +40 derejä galar. Dynç günleri temperaturanyň +33 derejä çenli aşaklamagy mümkin.

Balkan welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri temperaturanyň derejesi +39 - +38-de saklanar. Çarşenbe güni aňryçäk temperaturanyň +35 derejä çenli aşaklamagyna garaşylýar. Penşenbe güni howa ýene gyzyp, temperatura +39 derejä galar. Anna gününden başlap, hepdäniň ahyryna çenli  termometriň sütünjigi +35 derejäni görkezer. 

Daşoguz welaýatynda duşenbe güni howa +43 derejä çenli gyzar. Sişenbede howanyň aňrybaş gyzgynlygy +45 derejä ýeter. Çarşenbe güni termometriň sütünjigi +40 derejä düşer. Penşenbe we anna günleri howanyň gyzgynlygy biraz düşüşip, +35 - +35 dereje bolar. Dynç günleri termometriň sütünjigi +30 derejäni görkezer. 

Mary welaýatynda duşenbe we çarşenbe günleri aralygynda aňrybaş temperatura +46 derejede saklanar. Penşenbede termometriň sütünjiginiň +42 derejä çenli aşaklamagyna garaşylýar. Anna we şenbe günleri +41 dereje yssy bolar. Ýekşenbe güni  howanyň +34 dereje bolmagy mümkin we tizligi sekuntda 16 metre ýetýän şemalyň öwüsmegine garaşylýar.

Lebap welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri howanyň gyzgynlygy +45 dereje bolar diýip garaşylýar. Çarşenbe güni özi bilen +47 dereje yssy howany getirer. Penşenbe güni aňrybaş yssylygyň +40 derejä çenli peselmegi mümkin we termometriň sütünjigi tä şenbe gününe çenli şol derejäni görkezer. Ýekşenbe güni yssynyň +33 derejä çenli biraz düşüşmegi mümkin. Şeýle-de, dynç günleri şemal güýçlenip, tizligi sekuntda 16 metre ýeter.   


11.10.2025 18:25
12k+

Aşgabatda, Tejende we Daşoguzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Aşgabadyň günorta künjeginde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi...

11.10.2025 18:16
10k+

Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginde 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasy açyldy

10-njy oktýabrda Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň çäginde 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasy açylyp ulanmaga berildi. Dabara Mejlisiň deputatlary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, talyplar gatnaşdylar...

09.10.2025 11:12
7.3k+

Daşoguz we Tejen şäherlerinde täze saglygy goraýyş desgalary gurlar

“Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahanany we Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurar. Saglygy goraýyş we derman senagaty...

06.07.2025 20:34
9.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda lukmançylyk edaralarynyň gurluşyklary boýunça maslahatlaryny berdi

5-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäginde gurluşyk toplumyna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän wise-premýer B...