Owganystanda tas 6 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň täsiri goňşy döwletlerde-de duýuldy

  • 04.04.2026 13:27
  • 16k+

4-nji aprelde sagat 00:52-de (Aşgabat wagty bilen) Owganystanyň Hindiguş daglyk sebitinde ýertitreme boldy. Bu barada «TOLO News Plus» teleýaýlymy habar berýär.

Çeşmäniň maglumatyna görä, Kabulda ýaşaýyş jaýy weýran bolup, onuň astynda adamlar galdy. Azyndan sekiz adam wepat boldy, bir çaga bolsa şikes aldy.

Ýertitremäniň merkezi Owganystanyň demirgazyk-gündogarynda, Badahşan welaýatynda ýerleşdi. Ýerasty sarsgynlaryň güýji dürli çaklamalara görä, takmynan, 5,8–6,0 bala deň boldy. Sarsgynlaryň merkezi, takmynan, 190–200 kilometr çuňlukda ýerleşip, bu ýagdaý yrgyldylaryň uzak aralyklara ýaýramagyna sebäp boldy. Sarsgynlar Pakistan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Gazagystan ýaly ýurtlarda hem duýuldy. Käbir sebitlerde olaryň güýji 2–3 bala ýetdi.

Bu ýurtlarda seýsmik wakalar eýýäm iki gün yzygiderli hasaba alynýar. Olaryň biriniň merkezi (3-nji aprelde sagat 15:26-da bolan) Täjigistanda ýerleşip, onuň güýji 5,5 bala, çuňlugy bolsa 10 kilometre deň bolupdy.

Hindiguş sebiti seýsmik taýdan işjeň zolak hasaplanýar. Bu ýerde tektonik gatlaklaryň hereketi sebäpli ýertitremeler yzygiderli bolýar we olar ojagyndan has uzak aralyklarda hem duýulýar.


düýn 13:01
6.2k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
7.4k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......

29.05.2026 23:56
6.6k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....