Wengriýadaky futbol duşuşygy 1:50 hasabynda tamamlandy

  • 05.04.2026 22:18
  • 13k+

Wengriýanyň ýetginjekler sebit ligasynyň çäklerinde adatdan daşary sport wakasy bolup geçdi. Kişkunhalaş şäheriniň topary bilen «Çoliospalos» toparynyň arasyndaky duşuşyk 1:50 hasabynda tamamlandy.

Şowsuzlyklar owal başdan tersine başlady. Jedweliň iň soňky setirinde barýan ýer eýeleri doly düzümi ýygnap bilmän, meýdança dokuz bolup çykmaly boldular. Olaryň garşysynda bolsa çempionatynyň lideri oýnaýardy. Myhmanlar deňlik bolmagy üçin iki oýunçysyny aýryp oýnamaga razy bolmadylar. Netijede, duşuşygyň dowamynda ýeňiji toparyň esasy düzüminiň ähli oýunçylary we dört sany ätiýaçlykdaky oýunçysy tapawutlanmagy başardy. Iň köp goly 17 ýaşly Zalan geçirdi — ol birinji ýarymda 12 gol geçirenden soňra çalşyryldy. Hatda gollaryň birini derwezeban hem öz adyna ýazdyrdy.

Kişkunhalaş topary özüniň ýeke-täk goluny oýnuň 69-njy minutynda geçirdi we şol wagt hasap 1:37 boldy.

Oýundan soňra Wengriýanyň futbol federasiýasy Kişkunhalaş toparyny ýaryşdan çykardy. Munuň sebäbi — klubuň şu möwsümde eýýäm dördünji gezek oýna doly düzüm ýygnap bilmändigi boldy. Onuň gatnaşmagyndaky ähli oýunlaryň netijeleri ýatyryldy.


şu gün 10:53
1.9k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.2k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.1k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......