Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna saparyna taýýarlyk görülýär

  • 24.06.2022 11:10
  • 10k+

23-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew, Saud Arabystanynyň wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Walid Abdulkarim El-Hereýji ýolbaşçylyk etdiler.

Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny we möhüm halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna maýa goýumlary çekmek üçin zerur bolan şertleriň döredilmegi we artdyrylmagy, infrastruktura we önümçilik desgalarynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi gepleşikleriň aýratyn temasy boldy. Hususan-da iki ýurduň nebit himiýa we gaz himiýa ýaly pudaklarynda hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleriniň bardygy nygtaldy.
Geňeşmelerde häzirki wagtda uly depgin bilen taýýarlyk görülýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyrjak resmi saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň baýlaşdyrylmagyna we pugtalandyrylmagyna güýçli itergi berjekdigi aýratyn bellenildi.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......