Ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijileri sylaglanyldy

  • 13.06.2022 18:44
  • 8.7k+

12-nji iýunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Her ýylda Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän bu iri möçberli çäräni Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýar. Ylmy bäsleşige ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň we önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylary şeýle-de ylmy işe höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşýarlar.

Şu ýyl bu ylmy bäsleşige ýaşlaryň 1 müň 140-sy gatnaşdy. Şol sanda 730 talyp we 410 ýaş alym bäsleşikde özleriniň işläp taýýarlamalaryny, amaly işlerini we ylmy barlaglaryny görkezdiler. Bäsleşik nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlar ýaly ylymda öňe sürülýän alty ugur boýunça geçirildi.

Seljeriş topary hödürlenen işleriň ähmiýetine baha berip, has mynasyp ýaş alymlaryň sanawyny tassyklady. Bäsleşigiň emin agzalary hödürlenen işleri seljerip, 34 talybyň we ýaş alymlaryň 38-siniň işlerini ýeňiji diýip yglan etdi. Şunda hödürlenen taslamalaryň ähmiýeti, ylmy tarapdan täzeçilligi, ol taslamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirmek we önümçilige ornaşdyrmak nukdaýnazaryndan zerurlygy göz öňünde tutuldy. Şeýlelikde, ylmy bäsleşikde ýaş alymlaryň 72-si has tapawutlanyp, özleriniň ylmy-barlag işleriniň ähmiýetlidigini subut etdiler we şu günki dabaranyň baş gahrymanlaryna öwrüldiler.      

 Ýeňijilere döwlet Baştutanynyň adyndan Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


düýn 20:31
2.4k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......