Serdar Berdimuhamedow Ylymlar güni mynasybetli Gutlag iberdi

  • 11.06.2022 15:06
  • 7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar güni, şeýle-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy mynasybetli Gutlag iberdi.

Garaşsyz Watanymyzda örän gysga taryhy döwrüň içinde ylym ulgamynyň binýatlaýyn esaslaryny has-da pugtalandyrmak we dünýä derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň netijeliligini jemgyýetimiziň, döwletimiziň ösüşlerine gönükdirmek, adam maýasyny kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, ýokary okuw mekdeplerinde, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky ylmy-tejribeçilik, ylmy-önümçilik institutlarynda, ylmy merkezlerde döwrebap ylmy barlaglary alyp barmak, innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmak, ylmy işgärleri, hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli amatly şertler döredildi» diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda ylym, bilim, innowasion tehnologiýalar babatda abraýly halkara guramalar, daşary ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlup, ýurdumyzyň dünýäniň ylym we bilim giňişligindäki ornunyň pugtalandyrylandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde döwletimiziň ylmy we ykdysady kuwwatynyň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän düýpli ylmy-amaly barlaglary alyp barmak alymlaryň öňünde durýan esasy wezipedir. Şoňa görä-de, täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynda gowaçanyň, däneli, kösükli-däneli we gök-bakja ekinleriniň, şalynyň, ýeralmanyň, miweli baglaryň ýokary hasylly, ir ýetişýän we kesellere durnukly täze görnüşlerini döretmek, ösümlikleri we mallary goramagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berýäris. 


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....