Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

  • 09.06.2022 06:41
  • 23k+

8-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow bilen sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutany maslahaty açyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa söz berdi. Wise-premýer hasabatyny ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habardan başlady. Hormatly Prezident welaýatlaryň ählisinde dabaraly çäreleri geçirip, ýokary netijeleri gazanan ähli pileçilere we işgärlere sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmagy guramak barada wise-premýere tabşyryk berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri barada hasabat berdi. Şu günler Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda bugdaý hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler dowam edýär, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda galla oragyna 10-njy iýunda başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär.

Daşoguz welaýatyndaky suw bilen üpjünçilik boýunça dowam edýän kemçilikler düzedildi. Häzirki wagtda welaýatda derýalaryň suwunyň kada laýyk bolmagy bilen, sebitiň ekerançylyk ýerleriniň suw üpjünçiligi gowulandyryldy hem-de geljekde suwy netijeli peýdalanmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Wise-premýer ýakyn günlerde ýurdumyz boýunça gowaça ekişiniň doly tamamlanjakdygyny habar berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda möhüm möwsüm hasaplanýan galla oragyny guramaçylykly hem-de bellenilen möhletde, ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......