Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

  • 06.06.2022 09:56
  • 22k+

Şu hepde üstümizdäki ýylyň dowamynda ilkinji gezek Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda gündizine aňrybaş temperatura +40 derejeden geçer diýip, howa maglumaty gullugy çaklaýar. Käbir etraplarda az-kem ygalyň düşmegi mümkin. 

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe güni gündizine iň ýokary temperatura +38 dereje bolar. Sişenbe güni howanyň +41 derejä çenli gyzmagy mümkin. Çarşenbede termometriň sütünjigi +39-a çenli aşaklamaly. Penşenbe güni temperaturanyň +34 derejä çenli peselmegine garaşylýar we az-kem ýagyn ýagar. Anna güni howanyň temperaturasy +33 derejä çenli peseler. Şenbe güni +34, ýekşenbe güni bolsa +38 dereje bolmagyna garaşylýar.

Balkan welaýatynda howa eýýäm duşenbe gününden başlap +41 derejä çenli gyzar. Sişenbe güni +40 dereje bolmagyna garaşylýar. Çarşenbe güni howanyň gyzgynlygy biraz düşüşip, +36 dereje bolar. Howa maglumaty gullugy penşenbe we anna günleri az-kem ýagyş ýagyp, temperatura +33 - +35 dereje töweregi bolar diýip çaklaýar. Şenbe güni howa ýene +36 derejä, ýekşenbe güni bolsa +40 derejä  çenli gyzar.

Daşoguz welaýatynda hepdäniň duşenbe güni temperaturanyň aňrybaş derejesiniň +36 bolmagyna garaşylýar. Sişenbe we çarşenbe günleri howanyň gyzgynlygy +40 dereje, hatda ondanam ýokarrak bolmagy mümkin. Penşenbe güni howanyň gyzgynlygy biraz peselip, +33 dereje bolmagy we az-kem ýagyn ýagmagy mümkin. Anna güni termometriň sütünjigi +30, şenbe güni +33, ýekşenbe güni bolsa +37 derejeleri görkezer.

Mary welaýatynda duşenbe güni temperaturanyň +38 dereje bolmagyna garaşylýar. Sişenbe gününden penşenbä çenli  howanyň aňrybaş gyzgynlygy +40 dereje we ondan hem ýokarrak bolar. Anna güni az-kem ýagynly bolup, termometriň sütünjiginiň +35 derejä çenli aşaklamagyna garaşylýar. Şenbe we ýekşenbe günleri temperatura degişlilikde +34 we +37 derejelere çenli gyzar.

Lebap welaýatynda temperaturanyň duşenbe güni +38 dereje bolanlygyndan, çarşenbä çenli +41 derejä ýuwaş-ýuwaşdan ýokarlamagyna garaşylýar. Penşenbe güni temperatura +39 dereje bolar. Anna güni termometriň sütünjigi +33 derejä çenli aşaklar. Şenbe güni +35 dereje, ýekşenbe güni bolsa +38 dereje bolmagyna garaşylýar.


11.05.2026 09:43
9.6k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

04.05.2026 12:44
6.1k+

Şu hepde howa +39°С-a çenli yssy we az-kem ygally bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde üçin howa maglumatyny hödürledi. Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, bir hepdäniň dowamynda ygal mukdary 6,0 mm-den köp......

27.04.2026 10:50
13k+

Saýawany taýýarlaberiň – bize ýagynly hepde garaşýar: howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty....

06.04.2026 11:49
19k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....