Bambuk gülüniň saglyga peýdasy we ideg edilişi

  • 27.05.2025 19:55
  • 11k+

Bambuk (köplenç "lucky bamboo" diýlip atlandyrylýar, botanik atlary Dracaena sanderiana ýa-da Dracaena braunii) güli diňe bir gözellik bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýaşaýyş gurşawymyza we ynsan saglygyna oňyn täsir edýän aýratynlyklara hem eýedir.

Howany arassalaýar
Bambuk güli howadaky zyýanly gazlary we tozan bölejiklerini özüne siňdirip, ýaşalýan gurşawyň howasyny tämizleýär. Ol, esasan hem, formaldegid, benzol ýaly zyýaly himiki maddalary azaldýar.
Kislorod öndürýär
Bambuk fotosintez arkaly otagyň içindäki kislorodyň derejesini artdyrýar. Netijede dem alyş ulgamy, ýürek işjeňligi kadalaşýar, beýniniň kislorod bilen üpjünçiligi gowulanýar.
Stressi azaltmaga kömek edýär
Tebigat bilen gönüden-göni gatnaşykda bolan bambuk gülüniň adama rahatlandyryjy täsiri bar. Onuň ýaşyl reňki göz üçin dynçlyk berýär, bu bolsa psihologik dartgynlylygy azaldýar.
Howadaky çyglylygy durnuklaşdyrýar
Bambuklar suwy özüne siňdirip, howa näzik çyglylyk berýär. Bu bolsa deri we dem alyş organlary üçin peýdalydyr (hususan-da, gurak klimatly ýerlerde)
Fen Şuý pelsepesi boýunça pozitiw energiýa berýär
Hytaý medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan bambuk güli uzak ömür, bagt, baýlyk hem-de ösüş bilen baglanyşdyrylýar. Fen Şuý pelsepesine görä, bu güller öýüň energiýasyny gowulandyrýar, pozitiw atmosfera döredýär.

IDEG EDILIŞI
Bambuk gülüne ideg etmek aňsat. Ol juda az zähmeti talap edýär. Bu gülleriň idegi suwda ýa-da toprakda ösdürilişine görä, üýtgäp biler.
Ine, onuň idegi boýunça esasy maslahatlar:
Suwda ösdürmek iň giň ýaýran usulydyr.

  • Bu gülleri arassa, dury suwda saklamaly (Filtrlenen ýa-da guýlup durlanan suw has gowy bolýar);
  • Suwuny her 7–10 günden çalşyp durmaly;
  • Suwuň derejesiniň kökleri ýapmagy ýeterlik;

Ýörite dermanyndan 7-8 damja damdyrylyp, gülüne sepilýär. Wazada saklananda wazadaky suwa 10-12 damja damdyrylýar.
Toprakda ösdürilende topragy guranda suwaryp durmaly, ýöne aşa köp suw bermeli däl. Toprak çygly bolmaly, ýöne suwda durmaly däl.
⁠Günüň göni düşýän ýerinede däl-de, ýagty ýerde goýmaly. Göni Gün şöhlesi ýapraklaryny ýakyp biler. Kölege bolsa-da bolar, ýöne ýagtyda gowy ösýär.
Kadaly ösmegi üçin iň gowy temperatura +18 – +30°C
Sowuk şemaldan we howanyň aşa sowamagyndan goramaly.
Ýapraklaryny aram-aram tozandan arassalap, mata bilen süpürip durmaly.
Suw çalşylman galanda ýa-da göni Gün düşýän ýerde bolanda ýapraklar saralýar.

Bambuk gülleriniň dürli görnüşleri almak isleseňiz, Aşgabatda Mir bazaryndaky 158-nji dükana baryp bilersiňiz.

Telefon: +99362 87-87-21
TikTok: 
wazaguller_ashgabat
 




25.05.2026 17:25
3.7k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......

20.05.2026 17:15
3.7k+

Malaýziýa, Hytaý, Türkiýe we Gazagystan: «Bereketli Döwürden» okuw üçin täze mümkinçilikler

Aziýa dünýäniň esasy bilim merkezleriniň birine öwrülip barýar. Döwrebap talyp şäherçeleri (kampuslar), güýçli tehniki bilim maksatnamalary, okuwyň amatly bahasy we halkara diplomlar dünýäniň dürli künjünde......