Gyşky ýyladyş möwsümi boýunça sowuk hasap ýa-da biznes üçin gyşky satyn almalaryň çek-listi

  • 17.11.2025 19:58
  • 9.6k+

📈 ALSAT-dan söwda etmek boýunça gollanma: sowuk düşmezden ozal nämeleri satyn almaly — radiatorlar, nasoslar, termostatlar, generatorlar, ýylylyk izolýasiýasy — we şol harajatlary ilkinji gar düşmezden öň nädip ödetmeli.

Biznes üçin gyşky synag
🥶 Günüň ýagdaýy: ýanwar, daşarda «minus», ofisde hem şolar ýalyrak. Müşderiler kurtkaly, girdeji pes. Çözgüt — çydap ýörmeli däl-de, öňünden aladasyny etmeli: hakykatdan-da ýylylygy üpjün edýän we işiňi togtatmaýan zatlary satyn almaly.
Şu materialda satyn alyp boljak amatly sanaw we 📈 ALSAT-a ssylkalar bar.

♨️ Radiatorlar: köçäni däl, adamy ýylatmaly

Häzirki zaman alýumin we bimetal bölümler çalt ýylylyk berýär, kotýolyň resurslaryny tygşytlaýar. Köne batareýalar — "jübüdäki" deşik.

👉 Radiatorlary görmek:

Maslahat: hakyky otag göwrümi boýunça bölümlerini artykmaç ätiýaç bilen alyň, şonuň ýaly-da futorka, klapan, kronşteýn ýaly taýýarlaýyş toplumyny goşuň- gurnama çalt, duruş az.

💧 Sirkulýasion nasoslary: ýylylyk durman aýlansyn

Nasossyz hatda iň gowy kotýol hem peýdasyzdyr. Deň aýlanyşyk = «sowuk burçlary» ýok, arz-şikaýat az, stollaryň aşagyndaky göçme gyzdyryjylara zerurlyk galmaýar.

👉 Nasoslary görmek:

Maslahat: energiýa taýdan netijeli model + aýlawly ýollary gurnaň. Nasos energiýanyň sarp edilmeginiň azalmagynyň hem-de durgun sowuk zolaklaryň bolmazlygynyň hasabyna özüni ödeýär.

🌡️ Termostatlar we awtomatika — grafika boýunça ýylylyk
Termostatsyz ýyladyş — termometrsiz pirog bişiren ýaly: bir-de ýakarsyňyz, bir-de bolsa çig bolar. Programmirläp bolýan dolandyryjylar +21…+22°C derejesini gerek ýerlerde saklaýar, boş otaglary gyzdyryp durmaýar.

👉 Termostatlary we termoregulýatorlary görmek:

Maslahat: ilki bir ofis/zal/ammardan başlaň — bu 3 nokat tygşytlylyk babatda 80% netije berýär. Soňra giňeldiberiň.

🔌 Generatorlar: tok kesilende ätiýaçdaky meýilnama (plan «B»)

Gyşda hakykat ýönekeý: tok üpjünçiligi peselse, kotýoldyr nasoslar hem peselýär. Generator — ýyladyş ulgamynyň durmazlygy, dükan/ammaryň işiniň bolsa togtamazlygy üçin ýeke-täk ygtybarly çözgüt.

👉 Generatorlary görmek (kontekst boýunça):

Saýlamak boýunça maslahatlar:

  • Ofis/uly bolmadyk dükän üçin: 2–5 kWt inwerter benzin generatorlary (ýuwaş sesli, durnukly naprýaženiýe).
  • Ammar/seh üçin: 6–15+ kWt dizel (uzak dowamly işde has tygşytly).
  • Hökman: AWR (awtomatlaýyn ätiýaçdan giriş) ýa-da el bilen çalt geçiriş, üstesine kanistralar we şahsy gorag serişdeleri (ŞGS). Şeýle-de, wentilýasiýany we işlenen gazyň çykarylyşyny ýatdan çykarmaň — howpsuzlyk - ilkinji nobatda.

🧊 Antifriz/ýylylyk göteriji: turbalar hem üşeýär
Minusda hatda gysga wagtlaýyn ýylylyk kesilmesi — turbalaryň doňma we ýarylma howpuna getirip bilýär. Dogry ýylylyk göteriji howpy aradan aýyrýar we ulgamda poslamany hem peseldýär.

👉 Antifriz/ýylylyk göterijileri görmek:

Maslahat: dürli markalary garyşdyrmaň; minimal temperaturaňyz we kotýol öndürijisiniň talaplary boýunça konsentrasiýany saýlaň.

🧱 Ýylatma we ýylylyk izolýasiýasy — her bir gradusy tygşytlalyň

Rukawlar, matlar, turba/kilt kožuhlary we gapy/derweze ýylylyk izolýasiýasy ýitgini hem-de «pullaryň ýele sogrulmagyny» azaldýar.

👉 Ýyladyjylar/izolýasiýany görmek
Maslahat: ilki derweze, gapylar we turbalardan başlaň — biznesiň köplený «daşaryny ýyladýan» ýerleri.

🔥 Gyzdyryjy kabeller we ýerli gyzdyryş
Howp zolaklary - giriş toparlary, rampalar, turba liniýalary we birleşme nokatlarynda dar bogunlar. Gyzdyryjy kabel buzlanma we bökdençlik howpuny aýyrýar.

👉 Gyzdyryjy kabelleri görmek:

Maslahat: esasan-da derwezeleri bolan ammarlarda we suw liniýalarynda örän möhümdir — ol ýerlerde her togtama = çykdajydyr.

🧾 Dynç günler üçin gysga meýilnama

  1. Obýekt boýunça aýlanyp, sowuk nokatlary belläň.
  2. Iň zerur toplumy ýazyň: radiator, nasos, termostat, generator, antifriz, izolýasiýa, gyzdyryjy kabel.
  3. ALSAT-y açyň, tygşytly satyn alyň (kellagyrysyz, lomaý, amatly baha):
    o Radiatorlar → ssylka ýokarda
    o Nasoslar → ssylka ýokarda
    o Termostatlar → ssylka ýokarda
    o Generatorlar → ssylka ýokarda
    o Antifriz → ssylka ýokarda
    o Ýylylyk izolýasiýasy/kabeller → ssylka ýokarda
  4. Obýekti doly togtatmazlyk üçin eltip bermekligi we zolaklar boýunça gurnamagy öňünden ylalaşyň,
  5. Ulanylmaýan we artykmaç zatlary (köne batareýlar we ş.m.) — ALSAT-da ýerleşdiriň, ammalary boşadyň we serişdeleri dolanyşyga gaýtaryň.

Netijede näme?
✅ Taýýar ulgam meýilnama boýunça ýylylyk berýär, çykdajylary azaldýar we «rozetkadaky howanyň» ýagdaýyna bagly däl.
✅ Generator — hemmelerde garaňky we sowuk bolanda hem siziň biznesiňiziň durmazlygyna kepil.
✅ Ýylylyk izolýasiýasy we awtomatika — çalt özüni ödeýär we işgärler/müşderiler üçin rahat.

ALSAT kömek edýär: amatly baha, kellagyrysyz lomaý, manatda hasaplaşyk, ýurt boýunça barlanan üpjün edijiler.
Bazar-bazar gezmäň — diňe 📈ALSAT.com.tm-da sargyt ediň.
Satyn alýarsyňyzmy? Sebedi düzüň we gyşy öz düzgünleriňize sazlaň.
Satýarsyňyzmy? Harytlary 2 minudyň içinde ýerleşdiriň — biz bolsa kartoçkalar we öňe sürmäge kömek ederis.

Ýöne doňup galaýmaň — gyşa taýýarlygy 📈ALSAT.com.tm-da ediň.


27.01.2026 21:02
11k+

Iş berijileriň hem iş gözleýänleriň dykgatyna: Aşgabatda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň ýarmarkasy guralar. Çäre Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi tarapyndan guralýar. «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar bermegine görä, sergi sagat 09:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda geçiriler...

19.01.2026 16:16
11k+

Biznes çykdajylaryny nädip azaltmaly we satyn alşy nädip çaltlandyrmaly: ALSAT.com.tm-de 5 peýdaly mümkinçilik (23 000+ haryt)

Üpjün edijileri gözlemek üçin näçe wagtyňyz gidýär?
  Soňky pursatda gyssagly satyn alyşlar, nädogry haryt, üstesine-de logistika… näçe pul gidýär? Gysgaça aýtsak: gaty köp.
 Dogrusy: şeýle işlemek indi hiç kime ýaramaýar...

18.01.2026 15:07
3.2k+

“Ýönekeý” Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänler üçin amatly şertleri hödürleýär

“Ýönekeý” kompaniýasy Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänler üçin amatly tekliplerini hödürleýär. Ýurdumyzda isleg bildirilýän ugurlar boýunça dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetlerine okuwa girmek isleýänleri hasaba almak işleri dowam edýär...

12.01.2026 17:01
4.6k+

IT NOKADY merkezinde IT-okuwlarynyň täze tapgyr açyldy: okuwlar 28-nji ýanwarda başlaýar

«IT NOKADY» okuw merkezi ýurdumyzda iň köp isleg bildirilýän IT-ugurlary boýunça täze okuw tapgyryny yglan edýär. Okuwlara 28-nji ýanwarda başlamak meýilleşdirilýär. Frontend programmirleme okuwlary Frontend programmirleme kursy döwrebap, ulanmaga amatly we wizual taýdan özüne çekiji web-interfeýsleri döretmegi öwretmäge gönükdirilendir...