“Bir Supra” çörek önümleri dükany Gurban baýramy mynasybetli arzanlaşyk yglan etdi

  • 30.05.2025 13:16
  • 12k+

Aşgabatda «Bir Supra» ady bilen hereket edýän çörek we çörek önümleri dükanlary Gurban baýramy mynasybetli däp bolan arzanlaşyk aksiýasyny yglan etdi. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen arzanlaşyklar bu ýyl iýun aýynyň 1-inden 30-y aralygynda hereket eder.

Aksiýalar Medeniýet (Reutowa) köçesinde we A.Berdiýew köçesiniň (Graždan köçesi) ugrunda ýerleşýän (3-nji parkyň öňi) dükanlaryň ikisinden hem deň hereket edýär.
Dükanlarda şu arzanlaşyklar hereket edýär:

  • Türkmen çöregi (kiçi) — 3 manatdan (öň 4 manat)
  • Türkmen çöregi (uly) — 5 manatdan (öň 7 manat)
  • buhanka çöregi (demir ýol) — 3 manatdan (öň 4 manat)
  • petir 1 kg — 8 manatdan (öň 10 manat)  satyn alyp bilersiňiz.

Bu bahalar dükandan çörek önümlerini bölekleýin satyn alýan müşderilere degişlidir.
Şäher içinde iň amatly bahalary hödürleýän «Bir Supra» dükany diňe bir gündelik däl, eýsem, toý-sadakalarynyň saçaklaryny bezejek, ýokary hilli undan öndürilýän önümleriniň giň toplumynyň bardygyny ýatladýar.

Islendik adam “Bir Supra” dükanlaryndan öz halaýan çöregini tapyp biler. Dükanlarda tamdyr çöregiň 3 görnüşi (250 gr, 500 gr, 900 gr), petir çörek, buhanka, türk dokasy, pide çörek, trabzon, berhiz çörek, kruassanlar, ýagly çörek, gatlakly çörek bar. Bulkalaryň 11 görnüşi, kökeleriň 40-a golaý görnüşi, süýjülikleriň, tortlaryň dürli görnüşleri bar.
2017-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän «Bir Supra» dükany (öň “Supra” ady bilen tanalýar) Aşgabadyň söwda nokatlaryna, naharhanalara we toý mekanlaryna amatly şertlerde hyzmatdaşlyk edip gelýär. Bu babatda dükan eltip bermek hyzmatynyň bardygyny, şeýle hem hasaplaşyklaryň nagt we nagt däl görnüşde kabul edýändigini habar berýär.
Köp mukdardaky sargytlar 1 gün öňünden kabul edilýär.
Bahalar dükanlaryň ikisinde hem birmeňzeşdir.

Iş wagty: 07:00-dan 21:00-a çenli
Salgysy:


25.05.2026 17:25
3.8k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......

20.05.2026 17:15
3.7k+

Malaýziýa, Hytaý, Türkiýe we Gazagystan: «Bereketli Döwürden» okuw üçin täze mümkinçilikler

Aziýa dünýäniň esasy bilim merkezleriniň birine öwrülip barýar. Döwrebap talyp şäherçeleri (kampuslar), güýçli tehniki bilim maksatnamalary, okuwyň amatly bahasy we halkara diplomlar dünýäniň dürli künjünde......