Daşoguzyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň syýahatçylyk mümkinçiliklerine bagyşlanan maslahat

  • 06.06.2022 01:31
  • 16k+

4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde “Daşoguz welaýatyndaky milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri halkara syýahatçylyk ulgamynda” atly ylmy duşuşyk geçirildi. Duşuşyga degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly hünärmenler gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň çäginde taryhy-arheologik ýadygärlikleriň 125-si bellige alnyp, olar türkmen alymlary, olaryň daşary ýurtly kärdeşleri tarapyndan öwrenilýär hem-de rejelenilýär. Ýüze çykarylan arheologik tapyndylar muzeýlerde görkezilýär. Şunuň bilen baglylykda “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda ýerleşýän “Kerwensaraý” ýadygärliginde arheologik gazuw-agtaryş işleri, üýtgewsiz saklamak, rejelemek boýunça işler geçirilýär, şeýle hem syýahatçylary çekmek we zyýaratçylara şertleri döretmek üçin degişli çäreler amala aşyrylýar.

Şeýle hem Köneürgençde binagärlik mirasyny öwrenmek, üýtgewsiz görnüşde saklamak hem-de rejelemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Goraghananyň hünärmenleriniň tagallalary bilen iň meşhur hem-de has ýygy-ýygydan zyýarat edilýän Nejmeddin Kubranyň, Soltan Alynyň, Pirýar Weliniň, Törebeg hanymyň mawzoleýleri, Horezm şalary Soltan Tekeşiň hem-de Il-Arslanyň kümmetleri, Seýit Ahmediň kümmeti, Gutlug Timuryň minarasy rejelenildi. Köneürgenjiň Kyrkmolla ady bilen belli bolan iň gadymy galasynyň, al-Mamunyň minarasynyň bölekleri bilen ozalky baş metjidiň galyndylary üýtgewsiz görnüşde saklanylar ýaly ýagdaýa getirildi, Ibn Hajybyň medresesi gaýtadan dikeldildi.

Ylmy duşuşyga gatnaşyjylaryň beýleki bir topary diňe biziň ýurdumyzda däl-de, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem giňden belli bolan Görogly etrabynyň çägindäki ýadygärliklere — gadymy Yzmykşir şäheriniň galyndylaryna hem-de orta asyr Ysmamyt ata binagärlik toplumyna baryp gördüler. Duşuşygyň çäklerinde daşary ýurtly hünärmenleriň sanly ulgam arkaly çykyşlary guraldy. 


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......