Türkmen lukmanlarynyň 150-si Germaniýada hünär kämilligini artdyrar

  • 19.05.2022 03:47
  • 14k+

Lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça türkmen lukmanlaryň 150-si Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalaryna hünär kämilligini ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak üçin iş saparyna ugradylar. Bu barada 18-nji maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bilen geçiren maslahatynda habar berildi.

Ministriň bellemegine görä, häzirki döwürde dünýäde epidemiologiki ýagdaýlaryň gowulaşýandygy sebäpli, Germaniýanyň «Tejribeli hünärmenler gullugy» bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek göz öňünde tutulýar. Gurbanguly Berdimuhamedow bu hyzmatdaşlygy dowam etmegiň iki ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde we ilatyň saglygyny goramakda oňyn netije berýändigini göz öňünde tutup, ministriň tekliplerini goldaýandygyny belledi.


11.05.2026 23:10
2.5k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
3.8k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.5k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....