Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti bilen telefon arkaly gürleşdi

  • 18.05.2022 08:03
  • 12k+

17-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutany söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklaryň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanyny doglan güni bilen gutlady.

Serdar Berdimuhamedow ýola goýlan netijeli türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, Gazagystanyň Baştutanynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly üns berýändigini aýratyn belledi.

"Biz Siziň ynanyşmak ýagdaýyndaky garaýşyňyza ýokary baha berýäris we döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygymyzy tassyklap, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklary ilerletmäge hemmetaraplaýyn ýardam berýäris" diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Söhbetdeşler häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň esasy ugurlaryň ählisi boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Dostlukly goňşy döwletleriň arasynda işjeň syýasy gatnaşyklar alnyp barylýar, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyk berkidilýär. Türkmen-gazak söwda-ykdysady gatnaşyklary, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk barha giňeldilýär we berkidilýär, parlamentara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......