Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň täze Prezidentini gutladylar

  • 16.05.2022 12:22
  • 16k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden  gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler. 

Hatlarda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berilýändigi nygtalyp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynam bildirildi.

Mälim bolşy ýaly, Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan ýurduň Konstitusiýasynyň 51-nji maddasyna laýyklykda, Birleşen Arap Emirlikleriniň täze Prezidenti wezipesine biragyzdan saýlanyldy. BAE-niň Prezidenti Halifa bin Zaýed Al Nahaýýan uzak dowam eden keselden soň, 73 ýaşynda aradan çykdy. Onuň aradan çykmagy zerarly, ýurtda 40 gün matam yglan edildi.


düýn 20:55
1.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......