Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we RF-niň birinji Parlamentara forumy geçirilýär

  • 12.05.2022 09:25
  • 11k+

Aşgabat Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumyny kabul edýär. Çarşenbe güni türkmen paýtagtyna daşary ýurt wekiliýetleri gelip başlady. Wekiliýet agzalary agşam Türkmenistanyň Baş drama teatrynda «Durmuş daragty» sahnasynyň görkezilişine gatnaşdylar.

12-nji maýda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň kanunçykaryjylyk we wekilçilikli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri kollegial duşuşyk geçirerler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Gutlagda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine we «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda üstünlikli alnyp barylýar. Ol daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda gatnaşyklary ýola goýmak, halkara parlamentara guramalaryň we assambleýalaryň işine gatnaşmak, parlamentara dostluk toparlaryny döretmek, bilelikdäki parlament çärelerini guramak arkaly durmuşa geçirilýär. Munuň özi Bitarap döwletimiziň halkara başlangyçlaryny goldamakda möhüm gural bolup durýar. Bu işde biziň taýýarlan, halkara gatnaşyklarda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze pelsepämiz işjeň durmuşa geçirilýär. 

Merkezi Aziýa — Russiýa Federasiýasy» görnüşinde sebitde ilkinji gezek geçirilýän Parlamentara forum däp bolan dostlukly türkmen-rus, türkmen-gazak, türkmen-gyrgyz, türkmen-täjik, türkmen-özbek gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolar — diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Parlamentara forumyň çäklerinde 13-nji maýda «Merkezi Aziýa — Russiýa» Zenanlar dialogy geçiriler.


şu gün 19:20
1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......