GDA-nyň daşary işler ministrleri 13-nji maýda Duşanbede duşuşarlar

  • 10.05.2022 13:02
  • 5.9k+

Indiki hepde — 13-nji maýda Duşanbe şäherinde GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň maslahatynyň mejlisini geçrimek meýilleşdirilýär.

Ministrler arkalaşygyň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alşarlar, möhüm halkara we sebitara temalary, şol sanda Ukrainadaky ýagdaýy hem ara alyp maslahatlaşarlar.
DIM-iň Maslahatynyň mejlisinde daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we çuňlaşdyrmak boýunça ilkinji nobatdaky hereketleriň meýilnamasyna, daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky maslahat alyşmalaryň meýilnamasyna, syýahatçylyk ulgamynda esasy guramany döretmegiň meselelerine we düýpli barlag işleriniň talaplaryna laýyklykda, ylmy işleriň meýilnamasyna garalar.
Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň mejlisi däp boýunça ýylda iki gezek geçirilýär. Ýazky mejlis Duşenbede geçenden soň, güýzkini 13-nji oktýabrda Nur-Sultanda geçirmek meýilleşdirilýär.  


şu gün 00:27
1.8k+

Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

şu gün 00:11
562

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde CICA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) Baş sekretary Kaýrat Sarybaý bilen gepleşikleri geçirdi...

düýn 15:58
5k+

Eýranyň ilçisi ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna berlen ynsanperwer kömegi hem-de beýleki ýurtlardan gelýän ynsanperwer ýükleriniň bökdençsiz geçirilmegine beren ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi...

düýn 09:14
3.1k+

Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi we forum açylýar

Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli guralan sergi we «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum öz işine başlaýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu waka mynasybetli çärä gatnaşyjylary gutlady diýip, TDH habar berýär...