Türkmenistanda geljek hepde ýagyşly howa garaşýar

  • 08.05.2022 23:22
  • 26k+

Geljek hepde Türkmenistanyň​ welaýatlarynyň aglaba böleginde ýagynly, tupanly​ howa​ bolar diýip, howa maglumaty gullugy çaklaýar. Temperatura ortaça​ +25 derejede saklanar.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe güni 13,3 mm ygalyň düşmegine garaşylýar, gündizine temperaturanyň aňrybaş derejesi bolsa +20-ä galar. Sişenbede howa​ +24 derejä çenli gyzar we 13 mm-den gowrak ygalyň düşmegi mümkin. Çarşenbe güni howa​ +25 derejä çenli gyzar, tupan turup, gysga wagtlaýyn ýagşyň ýagmagyna garaşylýar.​

Hepdäniň penşenbe güni howanyň aňrybaş temperaturasy​ +23-e çenli aşaklar, 5,9 mm-e çenli ygalyň düşmegi mümkin. Howa maglumaty gullugy anna güni temperatura​ +18 derejä çenli aşaklar we 9,6 mm ygal düşer diýip çaklaýarlar. Dynç günleri howa birneme açylyşar, şenbede temperatura​ +24 derejä galar, ýekşenbe güni bolsa hasam gyzyp,​ +28 dereje bolar.​

Balkan welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri aňrybaş temperatura​ +21 dereje töweregi bolar, ýagyş ýagmagy mümkin. Çarşenbe güni howa​ +26 derejä çenli gyzar. Howa maglumaty gullugy penşenbede temperatura​ +20 dereje bolup, az-kem ýagyn ýagar diýip çaklaýar. Anna we şenbe günleri termometriň sütünjigi​ +25 -​ +26 derejäni görkezer, ýekşenbe güni bolsa howa​ +31 derejä çenli gyzar.​ ​

Daşoguz welaýatynda duşenbe 13,7 mm-e çenli ygally howany getirer we temperatura​ +23 derejä çenli maýyl bolar. Sişenbe güni howa +22 dereje bolar diýip garaşylýar.Çarşenbeden şenbä çenli temperatura​ +25 derejede saklanar, howa açyk, güneşli bolar. Ýekşenbede termometriň sütünjigi​ +29 derejä ýetmegi mümkin.​ ​

Mary welaýatynda hepdäniň duşenbe güni 5,3 mm-e çenli ygal düşer we howanyň​ +24 dereje bolmagyna garaşylýar. Sişenbe güni howanyň aňrybaş derejesi​ +27 bolar. Çarşenbe güni temperatura​ +29-a çykar, penşenbede bolsa​ +31 derejä barar.​ Anna güni tizligi sekuntda 15 metre ýetýän güýçli şemalyň bolmagyna garaşylýar we temperatura​ +25 dereje töweregi bolar.​ Şenbe güni howa​ +27 derejä çenli gyzar, ýekşenbe güni bolsa +30 derejä çykar.

Lebap welaýatynda duşenbe​ +30 dereje yssy, 1,3 mm-e çenli ygally howany getirer we tizligi sekuntda 16 metre ýetýän güýçli ýel öwser. Sişenbe güni az-kem ýagyn ýagmagy mümkin, temperatura bolsa​ +28 dereje töwereginde bolar. Howa maglumaty gullugy çarşenbe güni howa +29 dereje bolar diýip çaklaýar. Penşenbede bolsa temperaturanyň +30 derejä çenli gyzmagyna garaşylýar. Anna güni howa birneme salkynlap, temperatura​ +24 derejä çenli aşaklar. Dynç günleri​ termometriň sütünjigi ýokary galyp, şenbe güni +28 we ýekşenbede​ +30 derejäni​ görkezer.​ ​


06.03.2026 19:12
100k+

Ýerasty çeşmelerden dury suw: «Sarwan» agyz suwunyň täze standartyny hödürleýär

Aşgabadyň agyz suwy bazarynda täze brend — «Sarwan» işe başlady. Kompaniýa artezian suwuny çykarmak we tiz eltip bermek hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. «Sarwan» suwy çuň ýerasty artezian çeşme guýusyndan alýar. Şeýle çeşmäniň artykmaçlygy onuň tebigy filtrasiýasyndadyr: suw dag jynslarynyň dykyz gatlaklaryndan geçip, dürli garyndylardan arassalanýar we özüniň tebigy mineral düzümini saklaýar...

02.03.2026 09:55
11k+

Ygally hepde: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar...

16.02.2026 09:59
12k+

29 gradusa çenli maýyllyk hem-de ýagyşlar: hepdelik howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar...

13.02.2026 18:26
33k+

2026-njy ýylda Oraza aýynda Aşgabatda we welaýatlarda agyz beklenýän we agzaçar wagtlary

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Günüň ýaşmagy bilen sahawatyň, halallygyň we haýyrly işleriň aýy bolan mukaddes Oraza aýy başlanýar. Türkmenistanda şu ýyl Orazanyň ilkinji güni 18-nji fewrala, soňky güni bolsa — 19-njy marta gabat gelýär...