Şamuhammet Durdylyýew Ahalyň täze edara ediş merkeziniň häkimi bellenildi

  • 28.04.2022 21:42
  • 22k+

Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň häkimi wezipesine Şamuhammet Durdylyýew bellenildi. Bu barada degişli resminama Prezident Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni täze sebit merkeziniň gurluşygyna baryp görmeginiň çäklerinde gol çekdi.

Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Hökümetiň göçme mejlisini geçirdi we Durdylyýewi wezipä bellemek hakynda resminama gol çekdi.
Şamuhammet Durdylyýew gurluşyk ulgamyna ýolbaşçylyk etmekde we şäher dolandyrylyşynda baý tejribä eýe. Hünäri boýunça inžener-gurluşykçy bolan Durdylyýew ussadan başlap, gurluşyk we senagat ministri wezipesine çenli bardy. Iki gezek gurluşyk boýunça wise-premýer, Aşgabat şäheriniň häkimi, Prezidentiň Diwanynyň iş dolandyryjysy bolup işledi. 2021-nji ýylyň iýulynda «Aşgabat-Siti» gurluşyk kärhanalarynyň direksiýasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilipdi.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......